Dünýäde ýarymgeçirijileriň satuwy ilkinji gezek pese gaçdy

15:3804.11.2022
0
24482
Dünýäde ýarymgeçirijileriň satuwy ilkinji gezek pese gaçdy
Surat: tadviser.ru

Ýarymgeçirijileriň dünýä satuwlary geçen aýda 3 göterim — geçen ýylyň degişli döwründe 48,48 millard dollar bolanlygynyň ýerine 47 milliard dollara çenli pese gaçdy. Bu barada Ýarymgeçirijiler senagatynyň assosiasiýasynyň (Semiconductor Industry Association, SIA) metbugat-habarnamasynda aýdylýar diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Söwdalar şu ýylyň awgustyndakydan 0,5 göterim peseldi.

Şunda kiçiprosessorlaryň söwdalary Demirgazyk we Günorta Amerikada geçen ýylyň degişli aýyndakydan 11,5 göterim artdy, Ýewropada 12,4 hem-de Ýaponiýada 5,6 göterim ösüş görkezdi. Şol bir wagtda söwdalar Hytaýda 14,4 we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde hem-de beýleki sebitlerde 7,7 göterim pese gaçdy.

SIA guramasy amerikaly ýarymgeçirijileri öndürijileriň 99 göterimine hem-de beýleki ýurtlardan bolan önümçilikçileriň 66 göterime golaýyna wekilçilik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň