Azerbaýjan we Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

11:5603.11.2022
0
12902

Energetika pudagynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Report» Energetika ministrligine salgylanyp habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, bu pikir alyşmalar Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow bilen Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasowyň duşuşygynda geçirildi.

Iki ýurduň degişli ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygynda üçin «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakyndaky özara düşünişmek Ähtnamasynyň ähmiýeti bellendi.

Ýeri gelende bellesek, bu Ähtnamany tassyklamak baradaky karar 2021-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 6-njy çagyryşynyň 13-nji mejlisiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda tassyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň