Hazarýaka ýurtlar Türkmenistanyň Azerbaýjana gaz eksport usulyndan nusga almakçy

00:3603.11.2022
0
14686

Russiýa we Eýran «swop» görnüşinde özara nebit önümlerini alyşmaga başladylar we alyş-çalşa goşulýan harytlaryň sanawy barha giňeýär diýip, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowakyň sözlerine salgylanyp, TASS ýazýar.

— Biz eýýäm «swop» görnüşinde nebit önümlerini alşyp başladyk, degişli önümleriň gerimini giňeltmek dogrusynda ylalaşdyk, bu-da geljegi uly ugur — diýip, Nowak Russiýa-Eýran hökümetara toparynyň mejlisinden soňky metbugat ýygnagynda aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, A.Nowak ozal žurnalistlere taraplaryň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli «swop» görnüşli nebit we gaz alyş-çalşygy barada ylalaşyp biljekdigini aýdypdy.

Wise-premýer taraplaryň häzirki wagtda tehniki jikme-jiklikleriň üstünde işleýändigini aýtdy. Birinji tapgyrda 5 million tonna nebitiň we 10 milliard kub metr gazyň ugradylyp bilinjekdigini belledi.

Şeýle hem Nowak Türkmenistanyň Azerbaýjana gazy Eýranyň üsti bilen ugradyşy ýaly, gazy öz çäginden «swop» görnüşinde geçirmek barada Eýran tarapynyň eýýäm teklip edendigini ýatlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň