Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

22:0802.11.2022
0
24221
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň 10 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalary şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işler we olaryň netijeleri, şeýle-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda harby we hukuk goraýjy edaralarda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, serkerdeler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak, Ýaragly Güýçler üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy.

Degişli hasabatda ähli ugurlarda kanunçylygyň berk we takyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylan çäreler, şeýle-de döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada habar berildi.

— Görülýän hemme anyk çäreler Watanymyzyň howpsuzlygyny, onuň mukaddes serhetleriniň goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir — diýip, Döwlet howpsuzlyk geňeşinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Işgärler bilen üpjünçiligi pugtalandyrmagyň, harby gullukçylaryň hünär başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň arasynda watançylyk, terbiýeçilik çärelerini guramagyň zerurdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hukugy goramagyň, kanunçylygy üpjün etmegiň möhüm döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň eýeleýän ornuny belläp, bu edaranyň işgärleriniň üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmelidiklerini, giň dünýägaraýşa, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemek başarnygyna eýe bolmalydyklaryny aýtdy. Şeýle-de sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly, prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmek baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Ýurtda kanunçylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şonuň bilen birlikde, ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda ulag serişdeleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginiň, ähli edaralarda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli barlaglary geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

— Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugry ýurda häzirki zamanyň ählumumy howplarynyň aralaşmagyna ýol bermezlikden ybaratdyr — diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ministrligiň ýolbaşçysyna ýurtda howpsuzlygy, jemgyýetde abadançylygy we hukuk tertibini üpjün etmek maksadynda beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen ýakyn gatnaşyk saklamagy tabşyrdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugynyň üstüne ýüklenilen wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi. «Döwletimiz bu gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine hemişe goldaw berýär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gullugyň ýolbaşçysyna şahsy düzümiň söweşjeň, beden, hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna-da gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek bilen baglylykda birnäçe anyk görkezmelerdir tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň