Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artistleri» atly ensiklopediýa çap edildi

17:1602.11.2022
0
24380

«Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artistleri» atly iki jiltli ilkinji ensiklopedik neşir çap edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

Birinji jiltde Aşgabadyň we ýurduň welaýat teatrlarynyň döredilen pursatyndan şu güne çenli jikme-jik taryhy görkezilýär. Kitaplaryň sahypalarynda teatr binalarynyň suratlary we dürli ýyllarda sahnalarda goýlan oýunlardan parçalar ýerleşdirilipdir.

Ensiklopedik neşiriň ikinji jildi sungat öwrenijileriň, multiplikatorlaryň, teatr we kino režissýorlarynyň, operatorlarynyň, türkmen dramaturglarynyň, kompozitorlarynyň, kino we sirk artistleriniň terjimehallaryny öz içine alýar.

Çeşmäniň bellemegine görä, neşir arhiw we häzirki zaman suratlary bilen bezelipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň