Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda milli manadyň döredilen gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

22:0001.11.2022
0
15907

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ugurdaş okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Şu gezekki maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Maslahata gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döredendigi bellenilýär.

Maslahatyň dowamynda bank ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ulgamy sanlylaşdyrmagyň aýratynlyklary, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň taslamalaryna, maksatnamalaryna maýa goýumlary goýmakda halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde bank ulgamynyň eýeleýän orny baradaky çykyşlar diňlenildi.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin geljekde-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine döwlet Baştutanyny ynandyrdylar.

Şanly sene mynasybetli guralan çäräniň çäklerinde pul birlikleriniň nusgalary, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen, gymmat bahaly metallardan taýýarlanan ýadygärlik şaýlar, milli zergärlik şaý-sepleri görkezilýän, ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän sergi guraldy. Sergide Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň