Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň täze saýlanan Prezidentini saýlawlarda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady

11:2001.11.2022
0
20488

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli jenap Luis Inasiu Lula da Silwany gutlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Luis Inasiu Lula da Silwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Braziliýanyň öňki Prezidenti, Işçiler partiýasyna wekilçilik edýän Luis Inasiu Lula da Silwanyň 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiji bolandygyny ýatladýarys. Ol sesleriň 50,87%-ini aldy. Onuň bäsdeşi, häzirki döwlet Baştutany Žair Bolsonaru saýlawçylaryň 49,13%-iniň goldawyny aldy.

Luis Inasiu Lula da Silwa 2003 — 2011-nji ýyllarda Braziliýanyň Prezidenti bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň