Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana girmegiň düzgünlerini ýatlatdy

22:4731.10.2022
0
42200

Russiýadan uçuş bilen Türkmenistana barjak ýolagçylara ýurda girmegiň düzgünleri ýatladyldy. Degişli ýatlama Russiýa Federasiýasyndaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentiniň VK sosial ulgamynda çap edildi.

Maglumatlara görä, uçuş aşakdaky resminamalary bolan raýatlar üçin mümkindir:

  1. COVID-19 sanjym şahadatnamasy
  2. Iki nusgada doldurylan saglyk formasy (şu ýerden göçürip almak mümkin)
  3. COVID-19 üçin PCR synag netijeleri

Bu resminamalaryň haýsydyr biri ýok bolan ýagdaýynda, ýolagça uçuşa rugsat berilmez.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwadan Türkmenbaşy we Kazandan Türkmenabat şäherine uçuşlary amala aşyrýar:

Moskwa — Türkmenbaşy

  • T5704 — çarşenbe güni 00:15-de ugraýar, 05:35-de gonýar.
  • T5710 — anna güni sagat 10:35-de ugraýar, 15:55-de gonýar.

Kazan — Türkmenabat

  • T5736 — Duşenbe güni 00:35-de ugraýar, 06:05-de gonýar.
  • T5738 — penşenbe güni sagat 11:00-da ugraýar, 16:30-da gonýar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň