Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrar

17:3131.10.2022
0
15816

Türkmenistan Özbegistana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrar. Türkmen metbugatynda habar berlişi ýaly, degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň «Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama goşmaça Ylalaşyk baglaşylar.

Döwlet Baştutany agzalan mejlisde ýurduň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny nygtady. Energiýa ulgamynyň diňe bir Türkmenistanyň çäginde elektrik energiýasynyň ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem ýardam etmelidigini belledi.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana amala aşyran resmi saparyndan soň, Özbegistan tarapyndan Türkmenistandan 4 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny satyn almak barada ylalaşyk gazanylandygy mälim boldy.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy Özbegistandan başga-da Owganystana, Eýrana we Gyrgyzystana eksport edilýär. Mundan başga-da, Özbegistanyň we Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň uly mümkinçiligi bar.

Şu ýyl gowşuryş mukdaryny 9 milliard kilowat-sagada çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Bu görkeziji 2013-nji ýyldakydan 3,3 esse ýokary.

Türkmenistanda kuwwaty 6943,2 megawatt bolan 12 sany elektrik stansiýasy bar, olarda 51 sany turbinaly enjam oturdylyp, şolardan 39-sy gaz turbinalary, 12-si bolsa bug turbinalarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň