Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly küştçüler Tailandda küşt boýunça dünýä çempionatynda iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldular

23:4317.05.2015
0
1758

15-nji maýda Tailandyň iň belli syýahatçylyk şäherleriniň biri bolan Pattaýýada mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýä çempionaty tamamlandy, onda türkmenistanly ýaş küştçüleriň 3 medala – iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldular — diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Mary şäheriniň 35-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Annagözel Mekanowa 13 ýaşa çenli küştçüleriň toparynda tapawutlandy, bu toparda ýaş küştçülere bir döwe 1,5 sagat “arassa” wagt berlip, her göçümden soň 30 sekunt goşulýan nusgawy usul boýunça bäsleşdiler.

Bu toparda Russiýadan, Hindistandan, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şri-Lankadan, Awstraliýadan, Mongoliýadan we beýleki ýurtlardan gelen küştçüleriň 40-a golaýy çykyş etdi. Şweýsar usuly boýunça geçirilen oýunlarda A.Mekanowa mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplady, 6 duşuşykda ynamly ýeňiş gazandy, ikisinde deňme-deň oýnady we diňe bir döwde utuldy.

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 8-nji mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Leýla Şöhradowa hem 9 ýaşa çenli toparda çykyş edip, altyn medala eýe boldy. Leýla her oýna 3 minut wagt berlip, her göçümden soň 2 sekunt goşulýan tiz oýnalýan usulda tapawutlandy. Onuň görkezijisi 100 göterime deň, ýagny mümkin bolan 7 utuk toplady.

Aşgabadyň 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçusy Meňli Öwezowa bürünç medala eýe boldy. Ol 17 ýaşa çenli küştçüleriň toparynda çykyş edip, çalt oýnalýan usul boýunça mümkin bolan 7 utukdan 5 utuk toplap, şeýle üstünligi gazandy.

Şu toparda çykyş eden Bägül Ezizowa hem 5 utuk toplap, kümüş we bürünç medallar ugrunda dalaş edýänleriň toparyna girmegi başardy. Şeýle ýagdaýda eminler topary sport netijeliliginiň barabarlygyndan ugur alýar, şonda, gynansak-da, Bägül biziň ildeşimiz, hormatly dördünji orny eýeledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň