Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndy topary (U-23) Braziliýada geçiriljek Olimpiada — 2016-a ýollanma gazanmak ugrundaky göreşe gatnaşmaz

21:5517.05.2015
0
3743

Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndy topary 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa) geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyr bolan Aziýa çempionatyna (U-23) gatnaşmaz. Bu barada Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň futbol federasiýasynda düşündiriş berlişi ýaly, şeýle karara gelinmeginiň aňyrsynda 11-nji iýunda dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama bölegine taýýarlanýan milli ýygyndy toparymyzyň bähbitleri ýatyr. Mälim bolşy ýaly, bu ýaryşda türkmen futbolçylary Eýranyň, Omanyň, Hindistanyň, Guamyň ýygyndylary bilen “D” toparçasynda çykyş edýärler.

Biziň olimpiýa ýygyndymyz gatnaşmansoň, ýakynda Al-Aýnda (BAE) başlanan Aziýa çempionatynyň (U-23) saýlama oýunlarynda “B” toparçasynda çykyş etmeli toparlaryň sany dörde çenli kemeldi. Indi 2016-njy ýylyň ýanwarynda Katarda geçiriljek Aziýa çempionatynyň (U-23) final bölegine ýollanmalary gazanmak ugrunda bu toparçada Iordaniýanyň, Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň we Pakistanyň olimpiýa ýygyndylary göreş alyp barýar. Ilkinji tapgyryň duşuşyklary şeýle tamamlandy: Iordaniýa — Pakistan — 5:0, Kuweýt — Gyrgyzystan — 0:0.

“B” toparçasyndaky oýunlar tamamlanansoň, 16 ýygyndynyň ady belli bolar. Olar 2016-njy ýylyň ýanwarynda Katarda geçiriljek final bölegiň dowamynda Aziýada Olimpiada — 2016-a gatnaşjak üç topary mälim ederler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň