Soňky habarlar

Arhiw

«TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy Älem giňişligine üstünlikli ýerleşdirildi

14:1517.05.2015
0
26171

Şu gün — 2015-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy Aşgabat wagty bilen irden 7 sagat 10 minutda özüniň ýerleşmeli Älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda Ýer üstünden 36 müň km beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi.

Maý aýynyň 31-ine çenli möhletde meýilnama laýyklykda, «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk hemranyň teleradio aragatnaşyk tolkunlarynyň alnyp berlişi boýunça soňky synag-barlaglary geçiriler. Synag-barlaglardan soňra «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde potratçy – Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana tabşyrylar.

Häzirki wagta çenli hemra tehniki talaplara laýyklykda işleýär we işler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmen hemrasy orbita giňişligine çykandan we onuň hemra ulgamy doly derejede işe girizilenden soň, türkmenistanly hünärmenleriniň öňünde onuň hyzmatyndan mümkin boldugyça, doly peýdalanmak hem-de bu taslamanyň netijeli bolmagyny üpjün etmek wezipesi durýar. Bu maksatlar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi, onuň üstüne hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek wezipesi ýüklenýär.

Milli hemra türkmen teleradioýaýlymlaryny alyp görkezmek üçin ulanylar. Olaryň kuwwatlyklary standart görnüşindäki, şeýle hem ýokary çözüjilik ukyby teleýaýlymlaryň onlarçasyny görkezmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda munuň milli telewideniýäniň isleglerine artyk gelýändigi sebäpli, hemra ýaýlymlarynyň bir bölegini daşary ýurt kompaniýalaryna kärendesine berip bolar. «TürkmenÄlem 52ºE» hemrasynyň uly çäkleri öz içine alýandygy sebäpli, Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň alyp eşitdiriji we alyp görkeziji ýaýlymlary üçin üstaşyr ýurt hökmünde çykyş edip biler.

Hemranyň mümkinçilikleri ony tele we radioýaýlymlary efire çykarmak, biri-birinden uzak aralykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalaryň arasynda maglumatlary alyşmak, giň zolakly internet hyzmatlaryny guramak, belli bir aralykdan okuw işini, lukmançylyk hyzmatyny guramak, şol sanda wideoşekilli dürli maslahatlary geçirmek, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşleri üçin peýdalanmaga şert döredýär.

Ýurdumyzyň Ýewraziýa yklymynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde abraýynyň artmagynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän ýurdumyzyň döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamy ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze ugurlarda intellektual kuwwaty ösdürmäge, ylmy taslamalary amala aşyrmaga ýardam eder, umuman alnanda, Türkmenistanyň innowasion taýdan ösmegine oňyn täsirini ýetirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň