Soňky habarlar

Arhiw

Günbatar we Gündogar lukmançylygyň näme tapawudy bar? Türkmenistanly mugallym jogap berdi

14:0929.10.2022
0
18209

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Baýmyrat Begmyradow «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda ösümlik bilen bejermek babatynda Günbatar we Gündogar usullarynyň tapawudynyň bardygyna ünsi çekdi.

Lukman mugallymyň ýazyşy ýaly, Günbatar lukmançylygynyň ylmy taglymaty ösümliklerden dürli işjeň maddalary alyp, derman serişdelerini öndürmeklige gönükdirilendir. Gündogar ylmy bolsa bu maddalary öz tebigy göterijilerinden aýyrman, bozulma hadysalaryny sazlamak üçin adam bedeniniň özüne gerek maddalary çekip almagyny wajyp hasaplaýar. Şeýlelikde, Gündogar lukmançylygynda özi üçin zerur maddalary bedeniň özi kesgitleýän bolsa, Günbatar lukmançylygynda bu hadysa barlaghanalarda amala aşyrylýar.

Gündogar lukmançylygy bedeniň emaý bilen dikeldilmegini ileri tutýar, keselleriň öňüni almak ýa-da içki agzalardaky patologik bozulmalaryň entek yzyna gaýtaryp boljak mümkinçiliklerini döredýär. Bizde adaty däl lukmançylyk diýlip kabul edilýän ugurlar häzirki wagtda birnäçe Ýewropa ýurtlarynda saglygy goraýşyň sütünini düzýär. Şu nukdaýnazardan, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2014-nji ýylda saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylyk boýunça hünärmenleriň taýýarlygy ýola goýuldy.

Şeýlelikde, taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Günbatar we Gündogar lukmançylygynyň amalyýetde ulanarlyk usullary bimöçberdir. Lukmançylygyň haýsy-da bolsa birine artykmaçlyk bermek beýlekisinden ýüz öwürmegi aňlatmaýar. Häzirki zaman lukmany biziň öňki nesillerimizden miras galan, adamyň saglygyny dikeltmäge ýardam berjek islendik ugurlary, ýagny Günbatar hem Gündogar lukmançylyk usullaryny özüniň iş tejribesinde peýdalanmagy başarmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň