Soňky habarlar

Arhiw

«Lion Wings» brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri çagalaryň «Kodomo Baby» tozlaryny hödürleýär

09:0029.10.2022
0
13707

«Lion Wings» kompaniýasynyň «Top» haryt nyşanly kir ýuwujy serişdeleri ýa-da «Zinc» şampunlary ýaly alyjylar köpçüliginiň aýratyn ünsüni çekýän harytlarynyň hatarynda täze doglan çagalaryň bedeni üçin niýetlenen «Kodomo Baby» tozlaryny aýratyn bellemek bolar.

Ýaş ene-atalar kompaniýanyň bu hili tozlaryndan çagalaryň bedenini tämizleýji ýa-da has duýgur bedenler üçin diýen ýaly görnüşlerini saýlap bilerler. Brendiň dürli hili ösümlik täsirli we goşundyly, şeýle-de düzüminde ýag we witaminler bolan 9 dürli görnüşi müşderilere hödürlenýär.

«Kodomo Baby» önümleriniň ählisi bedeniň gijelemegine garşy, rahatlandyryjy we bejeriş aýratynlyklaryna eýedir. Mundan başga-da, çaga tozlary gipoallergen häsiýetli bolup, olaryň güýçli ysy ýokdur.

«Lion Wings» brendiniň önümleri önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ulanylyşda howpsuzlygy we täsirliligi üpjün edýän ýokary derejeli dermatologik gözegçilikden geçirilýär.

Kosmetika hem-de öý-hojalyk himiýa arassaçylyk önümlerini öndürýän «Lion Wings» kompaniýasy Türkmenistanyň bazarynda eýýäm 10 ýyl bäri önümlerini alyjylara ýetirip gelýär. Bu döwrüň içinde brend hiliniň we bahasynyň laýyk gelýändigi bilen ynama mynasyp boldy.

«Lion Wings» kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki resmi dileriniň dükanynyň ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesindäki «Peýkam» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • sosial media ulgamyndaky hasaby;
  • telefon belgileri: (+993 65) 53 86 44, (+993 62) 32 44 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň