Soňky habarlar

Arhiw

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyna 2023-nji ýylda Türkmenistan başlyklyk eder

22:0628.10.2022
0
15665
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyna 2023-nji ýylda Türkmenistan başlyklyk eder
Surat: avesta.tj

Bu barada Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň 23 — 27-nji oktýabr aralygynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 15-nji hyzmatdaşlyk forumynyň işine gatnaşmak üçin bu ýurduň Seul we Pusan şäherlerinde gulluk iş saparynda boldy. Pusandaky forumyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda türkmen tarapyndan netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, ykdysadyýet we dürli pudaklarda, hususan-da, telekommunikasiýa, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Forumyň dowamynda saglygy goraýyş, sanly tehnologiýalar, syýahatçylyk, energetika we daşky gurşawy goramak, ykdysady howpsuzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň döwlet Baştutanyna beren hasabatynda bellenilişi ýaly, Koreýada ministrler derejesindäki mejlisiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasy kabul edildi. Şeýle hem 2023-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyna Türkmenistan tarapyndan başlyklyk edilmegi hem-de indiki — 16-njy forumyň Aşgabatda geçirilmegi kesgitlenildi. 15-nji forumyň çäklerinde, şu ýylyň 26-njy oktýabrynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ykdysadyýetiň esasy ugurlary boýunça netijeli işewürler gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary kesgitlenildi. Esasy koreý kompaniýalarynyň we assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Seulda we Pusanda Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda, parlamentleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Türkmenbaşy we Pusan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meselelerine garaldy.

— Biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşinde netijeli gatnaşyk edýärler. Munuň özi däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri şertlendirýär. Häzirki wagtda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikler bardyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de wise-premýere bu ugurda işi yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň