Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan buzuň üstünde oýnalýan hokkeýiň Halkara federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi

18:0316.05.2015
0
10020

“Hoş geldiň, Türkmenistan!” Buzuň üstünde oýnalýan hokkeýiň Halkara federasiýasynyň (IIHF) resmi saýtynda şeýle sözbaşyly habar peýda boldy. Onda Türkmenistanyň bu gurama assosirlenen agza hökmünde kabul edilendigi aýdylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan öňki soýuz respublikalaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde Gazagystandan we Gyrgyz Respublikasyndan soň Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilen bu halkara sport guramasynyň üstüni ýetiren üçünji döwlet boldy.

Dünýäde öz tebigy baýlyklary we Garagum çöli bilen belli bolan Türkmenistanda hokkeý sportuň täze özleşdirilýän görnüşleriniň biridir diýlip IIHF-niň ýokarda ady agzalan habarynda aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda Aşgabatda dört buzly meýdançasy bolan üç ýapyk sport desgasy bar. 1000 tomaşaçy orunlyk Milli olimpiýa buzly köşk 2006-njy ýylda guruldy. 2011-nji we 2014-nji ýyllarda bolsa ýene iki şeýle desga ulanylmaga berildi. Olaryň iň irisi — Gyşky görnüşler sport toplumy 10 müň tomaşaçy orunlykdyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda hokkeýiň ösdürilmegi we bu ugurda sport desgalarynyň gurulmagy, yzygiderli ýaryşlaryň geçirilmegi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ilkinji milli bäsleşik 2012-nji ýylda geçirildi. Şondan soň bu ýaryş halkara derejesine eýe boldy. Şu ýyldan bolsa ýurduň sport ýaryşlarynyň senenamasyna ýene bir bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramyna bagyşlanan ýaryş geçirildi.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň