Awiamodelçiler Türkmenistanyň Kubogy ugrunda göreşerler

10:3316.05.2015
0
3576

17-nji maýda paýtagtda awiamodel sporty boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyry geçiriler. Aşgabadyň aeroklubynyň Magtymguly adyndaky TMÝG-niň işjeňleriniň ýardam bermeginde geçirilen birinji tapgyrynda paýtagtdan, Ahal welaýatyndan, Türkmenbaşy we Mary şäherlerinden awiamodelçiler çykyş etdiler — diýip, “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.

Uçar nusgalarynyň arasynda asmanda iň köp saklanany Aşgabadyň aeroklubynda tälim alýan Demir ýol hünärment mekdebiniň okuwçysy Atajan Durdyýew we paýtagtyň 56-njy orta mekdebiniň okuwçysy Nöker Meredow tarapyndan taýýarlanan ejnam boldy. Çyzykly gurluşly nusgalaryň arasynda Aşgabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Yhlas Jumanyýazow öňdeligi eýeledi. Raketa goýbermek bilen meşgullanýanlaryň arasynda Gökdepe etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Mekan Taganow ýeňiji boldy.

Rezin matorly nusgalaryň arasynda ýurdumyzyň iň ýaşuly türgenleriniň biri Woleriý Degtýarýow tapawutlandy. Geçen asyryň ortalaryndan bäri sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp gelýän W. Degtýarow öz ogly, Pawelde hem awiamodel sportuna söýgini oýardy. Ol hem kakasy ýaly Türkmenistanyň birnäçe gezek çempionydyr. Ýene bir bellemeli zat, bu ýaryşda W. Degtýarowyň ýetginjekleriň arasynda bäsleşen agtygy — Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Roman Degtýarow rezin matorly nusgalaryň arasynda öňdeligi eýeledi. Porşenli hereketlendirijisi bolan uçarlaryň arasynda türkmenbaşyly Arslan Artykowyň nusgasy ýeňiş gazandy.

Ýaryş radiodolandyryş nusgalarynyň uçuşy bilen tamamlandy. Häzirki wagtda meşhur bolan bu görnüşde aşgabatly sport ussady, halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi, telekeçi Sähet Kulyýew ýeňiji boldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň