Türkmen wekiliýeti​ GOGC​ nebitgaz korporasiýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

19:0227.10.2022
0
15119

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy​ Ý.Amansaryýewiň​ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň​ GOGC​ nebitgaz korporasiýasynyň baş müdiri​ Georgiý Çikowani​ bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň esasy maksady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we energiýa pudagynda geljekki meýilnamalaryny gözden geçirmekden ybarat boldy.

Maslahatyň dowamynda nebit önümleriniň üstaşyr geçirilmeginiň tapgyrlaryny ýönekeýleşdirmek we olaryň mukdaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem nebit önümlerini import etmek, gaýtadan işlemek we saklamak bilen baglanyşykly birnäçe taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Duşuşyga «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekili hem gatnaşdy, ol iki ýurduň arasynda tebigy gaz we gaýtadan işlenen önümçilik söwdasy pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada çykyş etdi.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň