Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 1202 türkmenistanly we 13 daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi

06:4616.05.2015
0
4191

15-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde ýurdumyzyň milli howpsuzlyk ministri  Ýaýlym Berdiýew Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek baradaky Permanyň taslamasy hakynda hasabat berdi.

Milletiň Lideri  hasabaty diňläp, ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň günäsiniň geçilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, asylly däbimize eýerip, ýetip gelýän ählihalk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 1202 türkmenistanly we 13 daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Milletiň Lideri milli howpsuzlyk ministrine ýüzlenip, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk güni öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Biz şular ýaly sahawatly çäreleri geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilik döredýäris diýip, döwlet Baştutany nygtady we welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagy, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň