Soňky habarlar

Arhiw

20 ýaşa çeni ýygyndylaryň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogy ― 2023 üçin bijeler çekildi

17:1226.10.2022
0
19855

Şu gün Daşkent şäherinde 20 ýaşa çenli ýygyndylaryň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogy ― 2023-iň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi. Yklym ýaryşy 1 ― 18-nji mart aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Bije çekişligiň netijesinde 16 ýygyndy dört toparça bölündi. Şeýlelikde, her toparçany dört ýygyndy emele getirdi.

«А» toparça: Özbegistan, Indoneziýa, Yrak, Siriýa.

«В» toparça: Katar, Awstraliýa, Wýetnam, Eýran.

«С» toparça: Koreýa Respublikasy, Täjigistan, Iordaniýa, Oman.

«D» toparça: Saud Arabystany, Ýaponiýa, Hytaý, Gyrgyzystan.

Özbegistanda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň netijesinde iň güýçli dört topar biziň yklymymyzdan dünýä çempionatyna wekilçilik etmäge hukuk gazanar. Dünýä çempionaty geljek ýyl Indoneziýada geçiriler.

20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Aziýanyň häzirki çempiony Saud Arabystanynyň ýygyndysydyr. Ýygyndy 2019-njy ýylda geçirilen finalda Koreýa Respublikasyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň