Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda adam hukuklary boýunça sapaklary ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamasyna girizmegiň halkara tejribesi maslahatlaşyldy

10:3526.10.2022
0
26924

Aşgabatda BMGÖM we adam hukuklary boýunça bilim meýilnamalaryny işläp düzmek boýunça Iş topary tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna adam hukuklary boýunça sapaklary girizmek boýunça halkara tejribesini öwrenmek babatda okuw maslahaty geçirildi.

Bu okuw maslahatyna Ýokary Kazyýetiň, Adalat, Bilim, Içeri işler ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim institutynyň, Prokuratura edaralarynyň, Aşgabat şäher Adwokatlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Içeri işler ministrliginiň institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatyny adam hukuklary bilimleri boýunça halkara bilermen Aýgül Gulnazarowa alyp bardy. Ol maslahatyň dowamynda Türkmenistanda bakalawr we aspirantura bilim maksatnamalarynyň çäklerinde adam hukuklary boýunça okuw sapaklary girizmek bilen bagly teklipleri öňe sürdi.

Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar adam hukuklary bilen bagly täze bilim maksatnamalaryna gender deňligi boýunça okuw sapaklaryny girizmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täze okuw sapaklarynyň girizilmegi adam hukuklary meseleleri boýunça talyplaryň hünär taýdan kämilleşmegine hem-de Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy netijeli durmuşa geçirilmegine itergi berer.

Bu okuw maslahaty BMGÖM-iň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde alnyp barýan «Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy durmuşa geçirilmegine kömek bermek» taslamasynyň çäginde gurnaldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan 2021-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen kabul edildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň