«Altyn asyryň» ýaşlary Türkmenbaşyda «Şagadam-2»-ni ýeňdiler

10:1326.10.2022
0
22383

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň üçünji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi.

Onda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Altyn asyr» topary Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam-2» topary bilen duşuşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň topary bu tapgyrdan soň utuklaryny 21-e ýetirip ynamly ýagdaýda ýaryş tertibiniň birinji basgançagyny eýelemegini dowam edýär ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Ahal-2» hem-de «Aşgabat-2» toparlary eýeleýärler.

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň birinjiliginiň ikinji aýlawyna 29-njy oktýabrda badalga berlip, şol gün üç duşuşyk geçiriler: «Merw-2» – «Köpetdag-2», «Energetik-2» – «Altyn asyr-2», «Aşgabat-2» – «Şagadam-2». 8-nji tapgyryň jemleýji duşuşygy 30-njy oktýabrda geçirilip, onda «Nebitçi-2» hem-de «Ahal-2» toparlary duşuşarlar.

3-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
«Şagadam-2» – «Altyn asyr-2» – 1:2
Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň