Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Prezidentini ýurduň Milli güni bilen gutlady

08:3926.10.2022
0
23154

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň