Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirýär

22:4825.10.2022
0
22547

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dostlukly döwletiň ýolbaşçysy öz hatlarynda Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatlary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny, abadançylyk, Türkmenistana gülläp ösüş we has-da kuwwatly döwlete öwrülmegini, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýär.

— Golaýda biz Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda üstünlikli duşuşyk geçirdik hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklary we dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ähmiýetli ylalaşyklary gazanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitledik.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we Siziň bilen birlikde hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de täze derejä çykarmaga, iki ýurduň hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbalynyň bileleşigini gurmak üçin umumy tagallalary etmäge taýýardyryn – diýip, HHR-iň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda belleýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan hatynda bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin:

— Siziň Prezident wezipesinde işlän döwrüňizde hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandyňyza hem-de hemmetaraplaýyn ýardam berendigiňize, şeýle hem özara peýdaly gatnaşyklarymyza we Siz bilen şahsy dostlugymyza ýokary baha berýärin.

Siziň bilen bilelikde geljekde hem iki ýurduň we halklarymyzyň bähbidine hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmek maksady bilen ýakyn gatnaşyklary saklamaga taýýardyryn – diýip nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň