Soňky habarlar

Arhiw

Türkmeni wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy

17:2725.10.2022
0
23791
Türkmeni wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy
Surat: mfa.uz

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Busan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri Koreýanyň ösen tejribesiniň durmuşa geçirilmegi arkaly, Merkezi Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmak üçin durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Foruma gatnaşanlar Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy, şeýle hem hyzmatdaşlygyň şu görnüşiniň ýola goýulmagynyň 15 ýyllygy mynasybetli forumyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Ýeri gelende bellesek, forum Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, 2007-nji ýylda Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen döredildi.

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, forumda howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşine ýetirýän ýaramaz täsirine üns çekilip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite karary bilen kesgitlenen Aral deňzindäki ekologik innowasiýalar we tehnologiýalar zolagynda Koreýa bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.

Forumyň çäginde Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we bölümleriniň gatnaşmagynda garyşyk görnüşde aýratyn sessiýalar, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Işewürler geňeşiniň ýygnagy we syýahatçylyk sergisi geçirildi.

Forumyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň