Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine öz kitabynyň slowen diline terjime edilen sowgatlyk neşirini gowşurdylar

06:2515.05.2015
0
10576

“Iskratel” kompaniýasy bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentine “Türkmenistanyň   dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň slowen diline terjime edilen sowgatlyk neşiri gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu köp jiltli ensiklopediki eseri eýýäm dünýäniň köp dillerine terjime edildi, ine,   indi bolsa Türkmenistanyň tebigy dermanlyk serişdeleri baradaky düýpli ensiklopediýa Sloweniýanyň okyjylar köpçüligine olaryň ene dilinde elýeterli boldy. Bu kitaby slowen diline terjime etmek başlangyjy “Iskrateliň” ýolbaşçylaryna degişlidir. Kompaniýanyň wekilleriniň belleýşi ýaly, bu kitap ylmy neşir bolmak bilen, janly tebigatyň bimöçber gymmatlygyna aýawly garamagy alamatlandyrýar. Şeýlelikde, bu neşir diňe bir hünärmenlere däl-de, ähli adamlar üçin niýetlenendir, bütin dünýä gönükdirilendir. Dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlar şu kitap arkaly Türkmenistan bilen ýakyndan tanşyp, bu sahawatly ülkäni söýüp biler. Bu ýurtda parasatly we hoşniýetli halk tebigat dünýäsi bilen sazlaşykda ýaşaýar.

Ýurdumyzda –dermanlyk ösümlikleriň müňden gowragy ösýär. Bu neşirde dermanlyk ösümlikleriň  300-den gowrak görnüşi barada anyk maglumatlar berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň peýdaly ösümlikleriniň diňe bir uly bolmadyk bölegidir.  Türkmenistanyň örän baýlygy bilen tapawutlanýan ösümlik dünýäsi köpasyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermegiň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat etdi. Häzirki zaman lukmançylygynda dermanlyk ösümlikler özleriniň ornuny has-da berkidip, alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu kitabyň terjime edilmegi fitoterapiýa baradaky ylmy bilimleri ýaýratmaga, adamlaryň saglygyny goramaga ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we asylly işi üçin terjimeçilere minnetdarlyk bildirdi hem-de kitabyň çap ediliş derejesine ýokary baha berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň