Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine gutlag iberdi

10:1225.10.2022
0
25676

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýlip, şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

— Gazagystanyň halkynyň durmuşynda örän möhüm bolan şu şanly günde ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar boýunça ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek biziň üçin ýakymlydyr. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak möhleti nazarlaýandygyny we netijeli häsiýete eýedigini uly kanagatlanma bilen nygtamak isleýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, däp bolşy ýaly, açyklyk, özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Siziň ýurduňyza amala aşyran döwlet sapary ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de biziň halklarymyzyň bähbitlerine ýokary depginlerde ösdüriljekdigine ynanýaryn — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy gutlag hatynda belleýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglygyny, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň