Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Energetik» möwsümde ilkinji gezek «Merwi» ýeňdi

23:5722.10.2022
0
17156

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çägindäki Mary derbisinde «Energetik» möwsümde ilkinji gezek «Merwden» üstün çykdy.

Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçirilen duşuşykda ýerli topar «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 82-nji minutda Musa Nurnazarow geçirdi.

Bu duşuşykdan soňra utugyny 12-ä çykaran «Energetik» möwsümde 10 utuklyk sepgide ýetip bilen ýedinji topar boldy. 23 utukly «Merw» dördünji orunda galsa-da galdy welin, bäşinjilikdäki «Şagadam» oňa 1 utuga çenli ýakynlaşdy. Şonuň üçin hem Mary şäheriniň topary ýagdaýdan netije çykarmasa, möwsümiň galan böleginde aşaky orunlara hem düşüp biler.

17-nji tapgyrda «Merw» «Aşgabady» kabul eder. «Energetik» bolsa «Ahalyň» myhmany bolar. Çempionatyň nobatdaky tapgyrynyň duşuşyklary 30-njy we 31-nji oktýabr günlerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň