Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Şagadam» myhmançylykda «Nebitçini» ýeňdi

23:5922.10.2022
0
18183

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynda «Şagadam» myhmançylykda «Nebitçini» 4:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Balkanabat şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.

«Şagadamyň» düzüminde 30 ýaşly hüjümçi Kerim Hojaberdiýew üç gezek tapawutlandy. Ol 21-nji, 39-njy we 80-nji minutlarda ýer eýeleriniň derwezesinden pökgi geçirdi. Myhman toparyň bir goluny 12-nji minutda Yhlas Magtymow öz adyna ýazdyrdy. Ýer eýelerinden bolsa 14-nji minutda Arslan Ýollyýew, 79-njy minutda Maksat Çagbalyýew tapawutlandy.

Başinji orundaky «Şagadam» utugyny 22-ä çykardy. Kenarýaka şäheriň topary bu üstünlik bilen dördünji orundaky «Merwe» 1 utuga çenli ýakynlaşdy. Iň soňky orundaky «Nebitçiniň» bolsa 7 utugy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň