Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýewe Magtymguly adyndaky TDU-nyň Hormatly professory ady berildi

17:3521.10.2022
0
59324

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana amala aşyrýan resmi saparynyň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine baryp gördi hem-de bu ýerde talyplaryň we mugallymlaryň öňünde çykyş etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Ýokary okuw mekdebinde özbek Liderini sungat ussatlary, uniwersitetiň rektory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti we beýleki adamlar garşy aldylar. Bu ýerde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory ady berildi hem-de professoryň lybasy we degişli şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra Özbegistanyň döwlet Baştutany talyplaryň we mugallymlaryň öňünde çykyş etdi. Ol öz çykyşynyň başynda bu hormatly derejäniň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Özbek Lideri sözüniň ahyrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymlarynyň mundan beýläk-de Türkmenistanyň şanly ösüşlerine mynasyp paý goşýan hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirdi. Şeýle-de Özbegistanyň Prezidenti bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň durmuşyna degişli sergi bilen tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň