Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halysy Wenanyň Taryhy sungat muzeýinde mynasyp orun eýeleýär

10:1813.05.2015
0
10720

Türkmenistanyň Prezidenti Wenanyň merkezinde, Mariýa Tereziýanyň meýdançasynda ýerleşýän Taryhy sungat muzeýine baryp gördi. Bu muzeý oňa meňzeş beýleki binalar — Tebigat ylymlary muzeýi, uly bolmadyk owadan seýilgäh we imperator zenanyna gurlan ýadygärlik bilen birlikde Maria Theresien-Platz binagärlik toplumyna girýär.

Taryhy sungat muzeýiniň daşky keşbi üçburçlugy ýatladýar. Onuň depesinde 60 metrlik gümmez bar. Bu bina arhitektorlar Gotfrid Zemperiň we Karl fon Hazenaueriň taslamasy boýunça XIX asyryň ortalarynda imperator gymmatlyklaryny ýerleşdirmek üçin guruldy. Muzeý 1891-nji ýylda açyldy we häzirki wagtda dünýäniň iri çeperçilik muzeýleriniň hataryna girýär. Onuň baş binasynda 91 zal bar, muzeýiň ekspozisiýasynda bolsa çeperçilik we arheologiki gymmatlyklar, gadymy ýadygärlikler, numizmatiki gymmatlyklar görkezilýär. Dünýä ähmiýetli surat galereýasy muzeý ýygyndysynyň esasy bölegi bolup durýar.

Wenanyň Taryhy sungat muzeýine baryp görmek Türkmenistanyň Baştutanynyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň möhüm ähmiýetli bölegidir. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek we bütin dünýäde giňden wagyz etmek bilen birlikde, dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gumanitar ulgamda giň halkara gatnaşyklary, dünýä bileleşigi bilen medeni gatnaşyklary ýola goýmak bu wezipäniň çözülmegine ýardam edýär. Bu möhüm meseleler ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriniň gün tertibine goşulýar, şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň daşary ýurtlara saparlarynyň maksatnamasynda öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy muzeýiň esasy girelgesiniň öňüne barýar. Türkmen döwletiniň Baştutanyny Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer garşylaýar. Wenanyň Taryhy sungat muzeýiniň baş direktory hanym Sabine Haag mähirli mübärekleýär. Muzeýiň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmanlary muzeýiň eýwanyna çagyrýar, şol ýerde hormatly Prezidentimizi bu täsin muzeýiň taryhy bilen tanyşdyrýar. Mälim bolşy ýaly, baý muzeý ekspozisiýasynyň seýrek duş gelýän gymmatlyklarynyň hatarynda Gadymy Müsür we Gündogar gymmatlyklarynyň toplumlary bar. Bu ýerde Müsür döwletiniň taryhynyň dürli döwürlerine degişli heýkeller görkezilýär. Binagärlik genji-hazynalary we daşdan ýasalan heýkeljikler, bürünç we agaç önümleri, papiruslar, sarkofaglar we bezeg önümleri Müsür ybadathanalarynyň hem-de aramgähleriniň äheňinde döredilen desgalaryň öňünde goýlupdyr.

Gadymy sungat bölüminde etruss, gadymy grek, rim döwürleriniň gymmatlyklary: dürli döwürlerde geçirilen gözleg işleriniň netijesinde tapylan şaýy pullary, heýkeljikler, medallar we şaý-sepler jemlenipdir. Özboluşly gymmatlyklaryň biri-de Ptolemeýiň oniksden ýasalan bezeg şaýlarynyň ýygyndysydyr. Beýik göçüş eýýamynyň giň möçberli ekspozisiýasy we şaý-sepleriň sergisi hem gyzyklydyr. Muzeýiň Kunstkamerasy özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. XVIII asyryň başyna degişli ýüpek şpalerler, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň gymmatly metallardan we piliň süňkünden ýasalan eserleri onuň bezegi bolup durýar. Muzeýiň ýygyndysynda şaýy we kagyz pullaryň, aksiýalaryň, ordenleriň we medallaryň, tapawutlandyryş nyşanjyklarynyň dünýädäki iň iri bäş sany toplumyň biri ýerleşýär.

Surat galereýasy Taryhy sungat muzeýiniň hakyky genji-hazynasy hasaplanylýar. Onda Günbatar Ýewropanyň XIV — XVIII asyrlarda ýaşap geçen ussatlarynyň suratlary goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz muzeý ekspozisiýasy bilen tanyşlygyny hut şu bölümden başlaýar.

Muzeýiň oňat bezelen zallarynda günbatar sungatynyň köp sanly gymmatlyklary, şol sanda Rafaeliň “Ýaşyl lybasly Madonnasy”, Welaskesiň suratlary, Wermeýeriň, Rubensiň, Rembrandtyň, Dýureriň, Tisianyň, Tintorettonyň eserleri goýlupdyr. Muzeýde Piter Breýgeliň suratlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysy ýerleşýär—bu ýerde suratkeşiň dürli ýyllarda döreden ähli işleriniň ýarysyny görmek bolýar. Meşhur “Ýylyň pasyllary” atly topluma girýän suratlar ýygyndynyň merjeni hasaplanýar.

Soňra muzeýiň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany “Salýers”, “Rudolf II”, “Ekzotik” we “Aýwori” zallarynyň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentine Gabsburglaryň nebereleriniň ozalky genji-hazynasyndan, imperator Rudolf II kunstkamerasyndan (Kunstkammer) gymmatlyklar görkezilýär. Onuň gymmatlyklary dünýäniň iň uly kunstkameralarynyň hataryna girýär hem-de Orta asyr, Galkynyş we barokko eýýamlarynyň gymmatlyklaryny öz içine alýar. Piliň süňkünden ýasalan zatlar, bürünç heýkeljikler, ylmy gurallar, sagatlar we gap-gaçlar, oýnawaçlar we ýöriteleşdirilen tehniki serişdeler uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň Baştutany şeýle hem Müsüriň we Ýakyn Gündogaryň gymmatlyklarynyň ýygyndysy bilen tanyşdyryldy. Gadymy patyşalyk döwrüniň (300 — biziň eýýamymyzdan ozalky 2270-nji ýyllar) gadymy müsür ýadygärlikleriniň toplumlarynyň jemlenmegi netijesinde bu gymmatlyklar dünýädäki iň ähmiýetlileriň biri hasaplanylýar. Faraonlaryň we ýokary wezipeli emeldarlaryň heýkelleri, haýwanlaryň şekilleri, relýefler, daş we bürünç heýkeljikler, tumarlar, bezegler, papiruslar, mumyýalar, sarkofaglar we beýleki zatlar demirgazyk-günorta Afrikanyň we alynky Aziýanyň halklarynyň gadymy siwilizasiýalary bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde şeýle hem Gündogar çapyksuwar esgerleriniň esbaplary goýlupdyr.

Bu toplumlaryň ýerleşen muzeý zallary diňe bir baý ýygyndylary bilen däl, eýsem, bezeg we amaly-haşam işleriniň ýokary ussatlyklyk bilen geçirilmegi netijesinde bu ýere gelýänlere Gadymy Müsür dünýäsine özboluşly syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Bu gymmatlyklar bolsa şol döwrüň ybadathanalarynyň içki bezegini aýdyňlyk bilen görkezýär. Arhitektorlar granitden taýýarlanan hakyky üç sütüni (takmynan, biziň eýýamymyzdan ozalky 1420 ýyl) ulandylar, şeýle hem zallary ýörite nagyşlar bilen bezediler. Olar aramgählerdäki nagyşlara çalymdaşdyr.

Haly we haly önümleri—dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussatlarynyň işleri—Gabsburglar maşgalasyndan bolan awstriýaly imperatorlara sowgatlar, hususan-da, ösümlikleriň käbir görnüşleriniň şekilleri şöhlelendirilen uly möçberli gobelen döwlet Baştutanynyň ünsüni özüne çekdi. Bu gobelen diňe bir sungat eseri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, floristika boýunça özboluşly gollanma hem bolup durýar. Köp sanly gymmatlyklaryň arasynda Karl V tugrasy şekillendirilen gobelen hem görkezilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany hödürlenen gymmatlyklaryň – adamzadyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň subutnamalarynyň ähmiýetine ýokary baha berip, Türkmenistanyň çäginde, hususan-da, Köne Nusaýda we Gadymy Merwde arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan gadymy siwilizasiýalaryň subutnamalary barada durup geçdi we şunuň bilen baglylykda, ajaýyp alymlar W.Sarianidiniň hem-de W.Massonyň haýran galdyryjy açyşlaryny ýatlap geçdi. Köp sanly arheologiki ekspedisiýalar özleriniň tapyndylary bilen türkmen muzeýlerini baýlaşdyrdy diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan günbatar sungatynyň gymmatlyklarynyň toplumlarynyň özboluşly merkezi bolan muzeýe gelip görmek çäresiniň ýokary derejede guralandygy üçin muzeýiň ýolbaşçysyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Maria Tereziýa” zalynda Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Döwlet Baştutany Taryhy sungat muzeýiniň ýolbaşçysyna işinde üstünlikler arzuw edip, Sabine Haaga ýadygärlik sowgadyny — ajaýyp türkmen halysyny gowşurdy we türkmen halkynyň medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolan milli halyçylyk sungatynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy barada gürrüň berdi.

Sabine Haag ajaýyp sowgat üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny indi türkmen halysynyň belent sungat eseri hökmünde Wenanyň Taryhy sungat muzeýinde mynasyp orun eýelejekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Taryhy sungat muzeýiniň baş direktoryny biziň ýurdumyza gelmäge hem-de türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklary, ýadygärlikleri we baý ruhy medeniýeti bilen tanyşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň