Mirziýoýew: — Türkmenistan iň ýakyn goňşymyz we ynamdar hyzmatdaşymyzdyr

13:0021.10.2022
0
27176
Mirziýoýew: — Türkmenistan iň ýakyn goňşymyz we ynamdar hyzmatdaşymyzdyr
Surat: president.uz

Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, metbugat wekilleri üçin brifing geçirildi diýip, özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän içerki we daşary syýasatyň netijesinde, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine Özbegistanda tüýs ýürekden begenilýändigi bellenildi. Bu başlangyçlaryň hemmesiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady uly hormat bilen tutuldy.

Brifingde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze derejä çykyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Şu günki gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn görnüşde we halkara giňişlikde has ýakyn hyzmatdaşlygy üpjün edýän Strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky Jarnama gol çekilendigi bellenildi.

— Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek Özbegistanyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup durýar – diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag we logistika taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy, suwdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak, adatdan daşary ýagdaýlaryň netijeleriniň öňüni almak hem-de ýok etmek ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.

Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak boýunça işjeň gepleşikleri dowam etdirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Gepleşikleriň dowamynda parlamentara gepleşikleriň we halk diplomatiýasynyň has-da giňelmegine, sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegine we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny giňden bellemek üçin taraplar indiki ýyl özara Medeniýet we Kino günlerini, festiwallary we beýleki çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň