Soňky habarlar

Arhiw

«Oguzhan» köşkler toplumynda giňeldilen düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirilýär

11:3421.10.2022
0
25636
«Oguzhan» köşkler toplumynda giňeldilen düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirilýär
Surat: president.uz

Habar berşimiz ýaly, şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda Aşgabada sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Soňra iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugyň habar bermegine görä, häzirki wagtda «Oguzhan» köşkler toplumynda giňişleýin düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirilýär.

Gepleşikleriň barşynda Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraply we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda yzygiderli giňelýändigini uly kanagatma bilen aýtdy.

— Müňlerçe ýyl bäri özbek we türkmen halklary bilelikde ýaşap, birek-birege goldaw berdiler – diýip, özbek Lideri nygtady. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde uly hyzmatlary bitirendigine ünsi çekdi.

Taraplar hyzmatdaşlyk taslamalarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler. Senagat, energiýa, himiýa senagaty we oba hojalygy ýaly ileri tutulýan pudaklarda täze taslamalary döretmek we durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek barada ylalaşyldy.

Beýleki ileri tutulýan ugurlar sebitara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy öz içine alýar. Iki ýurduň Prezidentleri ylym, bilim, sungat, kino we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Geljek ýyl ýurtlaryň ähli sebitleriniň gatnaşmagynda özara Medeniýet we Kino günleri, ýaşlar festiwallary geçiriler.

- Biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy, iki ýurduň gülläp ösmegini üpjün etjekdigine ynanýarys - diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy.

Soňky aýlarda iki döwletiň Baştutanlary eýýäm altynjy gezek duşuşýarlar, bu bolsa Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny görkezýär diýip, Mirziýoýewiň metbugat gullugy beýan edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň