Şawkat Mirziýoýew sapar bilen Türkmenistana geldi, türkmen DIM-niň ýanynda metbugat topary dörediler, «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi

11:3221.10.2022
0
25309

1. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany wise-premýer Batyr Ataýew garşylady. Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana saparynyň dowamynda Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň açylyşy we serhetýaka Söwda merkeziniň gurluşygy boýunça taslama bilelikde badagla bermek meýilleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat topary (Press pool) dörediler. Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanymyza şeýle teklip bilen ýüzlendi. DIM-niň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, şeýle toparyň işiniň esasy ugry daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny giňden şöhlelendirmekden ybarat bolup durýar.

3. Türkmenistanyň orta mekdeplerinde birinji okuw çärýegi tamamlandy. Şu gün bir hepde dowam etjek dynç alyş günleri başlandy. Nobatdaky okuw çärýegi 29-njy oktýabrda başlanar.

4. Türkmenistanda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky nobatdaky bäsleşik yglan edildi. Dabara Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, bäsleşigiň jemlerini 2023-nji ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

5. 10 ýyldan soň Türkmenistanda köpçülikleýin sporty ösdürmek meseleleri bilen aýratyn sport edarasy – Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti meşgullanar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini işini bes eden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binýadynda döretmek hakyndaky degişli Permana gol çekdi.

6. «Google Developer Group Ashgabat» jemgyýeti «DevFest-2022» atly işläp düzüjileriň festiwalyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär. «DevFest» – bu birbada birnäçe mowzuklary öz içine alýan we «Google-iň» bütin dünýäden işläp düzüjiler toparlary tarapyndan guralýan tehniki maslahatdyr. «DevFest-2022» festiwalyna talyplardan başlap, ussat hünärmenlere çenli tehniki ugurlar bilen gyzyklanýan ähli isleg bildirýänler gatnaşyp bilerler.

7. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 2023-nji ýylyň önümçilik senenamasyny köpçülige ýetirdi. Täze güntertibine görä, Türkmenistanda 12 sany işlenilmeýän baýramçylyk günleri bolar. Bu günleriň öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, 1 sagat ir tamamlanar.

8. Azerbaýjanyň günorta-demirgazygynda ýerleşýän Zangilan şäherinde täze halkara howa menzili açyldy. Açylyş dabarasyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew er Türkiýäniň Prezidenti Rejep taýyp Ärdogan gatnaşdy. Howa menziliniň terminalynyň goýberiş mümkinçiligi sagatda 200 adama deňdir. Perronyň meýdany 60 m2 ybaratdyr. Howa menziliniň kuwwaty birbada sekiz uçara hyzmat etmäge niýetlenendir.

9. Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Liz Trass işden çykýandygyny belledi, ol Beýik Britaniýanyň Ministrler Kabinetiniň başlyklygyna 6-njy sentýabrda geçipdi. Ol: «Men, ýagdaýy göz öňünde tutup, mandatyň maňa berýän jogapkärçiliginiň, Konserwatiw partiýa tarapyndan saýlanan wezipämiň hötdesinden gelip bilmeýändigimi boýun alýaryn. Şonuň üçin hem men işden çykýandygymy habar bermek üçin Onuň Alyhezretleri Patyşa bilen habarlaşdym» – diýip belledi.

10. 7-nji noýabrda 15-nji tapgyr duşuşyklary bilen futzal boýunça Türkmenistanyň Superligasynyň üçünji aýlawy başlanýar. Häzirki wagtda bäsleşigiň sanawynda iki sany birinjilik bar. Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Deňizçi» we ýurduň wise-çempiony «Köpetdag» 14-nji tapgyrdan soň, 36 utuk bilen birinji orny paýlaşýarlar. Öňdäki üçlügi tamamlaýan «Gümrükçi» bolsa olardan 9 utuk yzda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň