Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň kubogynda Kambojanyň ýygyndysyndan asgyn geldi

18:0020.10.2022
0
10062

Türkmenistanyň tennis boýunça erkekler ýygyndysy Dewisiň kubogyndaky üçünji duşuşygynda Kambojanyň ýygyndysyndan utulyp, ýaryşdaky çykyşyny tamamlady.

Ýekelikdäki duşuşyklar 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Ýuriý Rogusskiý kambojiýaly Samneang Longy 3:4, 7:5, 6:3 hasabynda ýeňdi. Meýlis Orazmuhammedow bolsa Kenni Bunudan 1:6, 1:6 hasabynda ýeňildi. Aýgytlaýjy duşuşykda Ýuriý Rogusskiý bilen Meýlis Orazmuhammedow jübüti Kenni Bun ― Metýu Krusling jübütindün 1:6, 1:6 hasabynda asgyn geldi.

Şeýlelikde, «A» kiçi toparçasyndan ýaryşyň pleý-off tapgyryna Kambojanyň ýygyndysy çykdy. Olar indiki ýyl Aziýa we Okeaniýa sebitiniň III toparçasyna gatnaşmaga hukuk almak üçin «B» kiçi toparçasynyň ýeňijisi bilen duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň