Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ikiçäk gepleşikleri geçirdiler

10:3821.10.2022
0
21664
Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ikiçäk gepleşikleri geçirdiler
Surat: president.uz

Habar berşimiz ýaly, şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda Aşgabada sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Garşylamak dabarasyndan soňra iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary köp asyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan doganlyk halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we suw dolandyryş pudaklarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meseleleri gepleşikleriň esasy mowzugyna öwrüldi.

Soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda uly netijeleriň gazanylandygy bellendi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar «Ýol kartasy» esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew bu gezekki duşuşygyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň ösmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Ikiçäk gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, şeýle-de halkara we sebit gün tertibindäki wakalar boýunça hem pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň