Döwlet Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna täze ýolbaşçy bellenildi

22:1720.10.2022
0
30717

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Akmyradowiç Mämmedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş, öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Azat Babadurdyýewiç Öwezow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi. Bular barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň