«Iş nokadynda» MHU girmäge isleg bildirýänler üçin Açyk gapylar güni geçiriler

15:1520.10.2022
0
13962

«Iş nokady» kompaniýasy ähli isleg bildirýänleri 5-nji noýabrda sagat 17:00-da koworking merkezinde geçiriljek Açyk gapylar gününe çagyrýar.

«Iş nokady» Moskwa Halkara uniwersitetiniň Türkmenistandaky resmi wekilligi bolmak bilen, bu ýokary okuw mekdebine uzak aralykdan okamak maksatnamasy boýunça ýazky okuwa kabul edilişik barada mälim edýär. Şunuň bilen baglylykda hem, koworking merkezinde geçiriljek Açyk gapylar güni Russiýada okap bilim almak, aýratynam heniz okajak hünärini doly saýlamadyk ýaşlar üçin özboluşly täsire eýe bolar.

«Iş nokadynyň» hünärmeni hem-de MHU-da okap bilim alýan talyplar bu ýere geljek myhmanlary uzak aralykdan okap bilim almagyň özboluşlylygy bilen, şeýle-de uniwersitet bilen tanyş ederler. Bu ýerde şu hili maglumatlar barada gözükdirme geçiriler:

- 2023-2024-nji ýyllarda arzalaryň we resminamalaryň kabul edilişiniň düzgünleri we möhletleri;
- Uzak aralykdan okamak üçin mümkin bolan hünärler;
- Giriş üçin zerur bolan synaglar;
- Okuwyň tölegi we bar bolan ýeňillikler.

MHU okuwa kabul edilen ýaşlar üçin şu ýylyň dekabrynyň ahyryna çenli okuwlarda ýokary mümkinçilikler we ýeňillikler ýetirilýär.

Açyk gapylar gününe gatnaşmak tölegsiz bolup, onuň üçin şöu salgylanma boýunça hasaba alynmalydyr. Ýerleşýän salgysy: «Berkarar» işewürlik merkezi, koworking merkezi, 10-njy gat, J1 blogy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň