«Halk marketiň» Gämidäki şahamçasy açylyşy mynasybetli alyjylara sowgat berýär

09:2720.10.2022
0
15766

«Halk market» bölek söwda zynjyrynyň Ak bugdaý etrabyndaky täze dükanynda açylyş mynasybetli 20-22-nji oktýabr aralygynda aksiýa geçirilýär – kesgitli nyrha çenli söwda edenlere supermarketiň hasabyna sowgatlar gowşurylýar.

Bu günlerde Ak bugdaý etrabyndaky«Halk marketden» 50 manatlyk harytlary satyn alanlara 1 kilogram pomidor sowgat berilýär. 100 manatlyk söwda üçin bir kilogram ýeralma we pomidor mugt berilýär, 150 manat üçin bolsa 15 sany ýumurtga sowgat berilýär.

«Halk marketiň» täze söwda nokadynda azyk harytlarynyň, hojalyk himiýa, kosmetika önümleriniň we arassaçylyk serişdeleriniň baý görnüşleri hödürlenýär. Tölegini nagt görnüşinde we bank karty arkaly kabul edilýär. Mundan başga-da, sargydy eltip bermek hyzmaty hödürlenýär.

Dükan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky «Gämi» söwda merkezinde ýerleşýär. Telefonlar: (+993 63) 93 75 74, (+993 137) 52 06 51.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň