Türkmenitanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

16:4412.05.2015
0
2580

Türkmenitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi — diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär. Iş maslahatynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri häziki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalaryň endigan gögeriş alan ýerlerinde ideg işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem galla oragyna we ýurdumyzda giňden bellenilýän Konstitusiýa hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine häkimleriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutany galla oragyna çenli az wagtyň galandygyny aýdyp, bu möwsüme  ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri galla orýan kombaýnlaryň, awtoulag serişdeleriniň, elawatorlaryň we ammarlaryň möwsüme doly taýýar edilmegini häkimlerden talap etdi.

Döwlet Baştutany obalary özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagynyň möhüm wezipedigini aýratyn belledi hem-de häkimlere bu babatda görülýän çärelere toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri tomusky dynç alyş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň durnukly işini üpjün etmek maksady bilen olarda taýýarlyk işleriniň göwnejaý alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, şol sanda  paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde gök zolaklary döretmek, arassaçylyk işlerini yzygiderli ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem häkim  şanly seneler mynasybetli gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar, hususan-da, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli bellenilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça amala aşyrylýan taýýarlyk işleri barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň baş şäheriniň döwrebap keşbini kemala getirmäge hem-de ekologiýa derejesini gowulandyrmaga örän jogapkärçiliki we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Maslahatda şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň