Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» ýaşaýyş jaýlary üçin elektrik kaminleriň görnüşleri bilen tanyşmagy teklip edýär

11:1318.10.2022
0
27857

Gyşyň güni öýde mylaýym gurşawy döretmegiň esasy mümkinçilikleriniň biri kamin peçlerini gurnamakdyr. Öýleriň we ýer jaýlarynyň gurluşygynda hem-de abatlaýyş işlerinde giňden peýdalanylýan harytlary alyjylara ýetirýän «Ak gaýa» dükanlar tory gyş paslynyň öňüsyrasynda elektrik kamin peçleriniň dürli görnüşlerini müşderilere hödürleýär.

Elektrik kamin peçlerini gurnamak örän ýeňil bolup, hakyky oduň illýuziýasyny döretmek bilen gurşawy jaýdar ýyladýar, şol sebäpdenem olar diňe bir peç bolup hyzmat etmän, eýsem öýüň bezegine-de goşant goşýar. Göwrümi uly bolmadyk kamin peçlerini islendik zerur ýerlere süýşürip bolýar, has uly kaminleri bolsa otaglaryň islendik künjeginde gurnap bolýar.

Elektrik kaminler ýyladyjy düzüm böleginden, ojakdan ýa-da adaty oduň keşbini döredýän wideoekrandan, şeýle-de çarçuwadan durýar. Dükanda olaryň dürli ululykdaky we reňkdäki görnüşleri, interýeriň bezegine laýyk gelýän kaminler bardyr.

«Ak gaýa» gurluşyk söwda dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew we Andalyp köçeleriniň çatrygy, «Ak gaýa» binasy. Telefon belgileri: 57 57 57, (+993 64) 66 44 88; Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň