Serdar Berdimuhamedow azerbaýjan kärdeşi Ilham Aliýewi gutlady

21:4318.10.2022
0
19392
Serdar Berdimuhamedow azerbaýjan kärdeşi Ilham Aliýewi gutlady
Surat: azertag.az

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasynyň soňky ýyllarda syýasy we durmuş-ykdysady ugurlarda möhüm üstünlikleri gazanandygyny, öz raýatlarynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyryp, ýokary depginler bilen ösmegini dowam etdirýändigini bellemek guwandyryjydyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow azerbaýjan kärdeşine ýollan gutlag hatynda belleýär.

Şeýle-de: «Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjan dostluk, hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykdylar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti mundan beýläk-de iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy, döwletara dialogy giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlyk, abadançylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň