Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Astananyň baş metjidine baryp gördi

21:1315.10.2022
0
10471

Şu gün Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň baş metjidine hem baryp gördi. Bu täze metjit şu ýylyň awgust aýynda açylyp ulanmaga berildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany bu ýerde metjit toplumy, onuň desgalary, binagärliginiň hem-de bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

10 gektar meýdanda gurlan bu metjit diňe bir Gazagystanda däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada iň uly metjit hasaplanylýar. 235 müň adamlyk metjitde 35 müň adam bir wagtyň özünde zallarda, 200 müň adam bolsa açyk meýdançada namaza durup bilýär. Täze metjidiň dört minarasy bar. Olar her biriniň beýikligi 130 metre barabardyr. Çep ganatdaky minaralaryň biri bu ýere gelýänler we syýahatçylar üçin açykdyr. Olar liftde metjidiň syn ediş meýdançasyna galyp bilýärler.

Metjidiň uly gümmeziniň beýikligi 83,2 metre, diametri 62 metre barabardyr. Metjidiň bezeginde milli gazak nagyşlary hem-de däp bolan yslam bezegleri, reňkli mozaika we halylar ulanylypdyr.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda hem asylly däp-dessurlaryň berjaý edilmegine, şöhratly ata-babalaryň ýokary ruhy-ahlak ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurtda din azatlygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Musulmanlaryň mukaddes haj parzyny berjaý etmegi üçin her ýyl döwlet tarapyndan Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge-Medine şäherlerine saparlar guralýar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, şu ýylyň tomsunda hem 275 zyýaratçynyň döwlet tarapyndan kömek hökmünde tölegsiz esasda guralan uçar gatnawlary arkaly haj parzyny berjaý edip gelendigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň