Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanda halkara maliýe merkezine we Astananyň Baş metjidine baryp gördi

21:0615.10.2022
0
10001

Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde, 15-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Astana» halkara maliýe merkezine baryp gördi diýip, TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ol ýerde belent mertebeli myhmany «Astana» halkara maliýe merkeziniň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow merkeziň düzümi hem-de onuň işi bilen tanyşdyryldy. Bu merkeziň esasy maksady maliýe bazary babatda giň gerimli hyzmatlary hödürlemekden ybaratdyr.

Işewür hyzmatdaşlyk üçin açyk meýdança bolup durýan «Astana» halkara maliýe merkezi özüne birnäçe ugurdaş guramalary we edaralary birleşdirýär. Türkmen döwletiniň Baştutanyna «Astana» halkara maliýe merkeziniň düzümleriniň işiniň esasy ugurlary barada jikme-jik gürrüň berildi. Şol düzümleriň hatarynda Kazyýet we Halkara Orbitraž merkezi, Maliýe hyzmatlaryny düzgünleşdirmek boýunça hyzmat, Yslam maliýesi we işewürligi boýunça merkez, Ýaşyl maliýe merkezi bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde «AIFС» kompaniýasynyň işiniň aýratynlyklary bilen hem tanyşdy.

Ekspat merkezi «Astana» halkara maliýe merkeziniň düzümleýin bölümleriniň biri bolup durýar. Ol Gazagystanda işleýän daşary ýurtly hünärmenlere degişli hyzmatlaryň edilmegini üpjün edýän «bitewi penjire» ýörelgesi boýunça hereket edýär.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň şu ýylyň awgust aýynda açylyp ulanmaga berlen Baş metjidine hem baryp gördi. Türkmen döwletiniň Baştutany bu ýerde metjit toplumy, onuň desgalary, binagärliginiň hem-de bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

10 gektar meýdanda gurlan bu metjit diňe bir Gazagystanda däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada iň uly metjit hasaplanylýar. Metjitde 35 müň adam bir wagtyň özünde zallarda, 200 müň adam bolsa açyk meýdançada namaza durup bilýär. Täze metjidiň dört minarasy bar. Olar her biriniň beýikligi 130 metre barabardyr.

Çep ganatdaky minaralaryň biri bu ýere gelýänler we syýahatçylar üçin açykdyr. Olar liftde metjidiň syn ediş meýdançasyna galyp bilýärler. Metjidiň uly gümmeziniň beýikligi 83,2 metre, diametri 62 metre barabardyr. Metjidiň bezeginde milli gazak nagyşlary hem-de däp bolan yslam bezegleri, reňkli mozaika we halylar ulanylypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň