Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana gynanç bildirdi

23:5815.10.2022
0
24028
Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana gynanç bildirdi
Surat: Habar24

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bartyn welaýatyndaky kömür şahtasynda bolup geçen partlamanyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň