Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow Gonkongyň Premýer-ligasynda het-trik etdi

19:4915.10.2022
0
26639

«Kitçiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň Premýer ligasynyň 3-nji tapgyrynda «Sautern Distrikt» bilen bolan duşuşygyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy.

Szýulun şäherinde geçirilen duşuşyk 7:0 hasabynda «Kitçiniň» peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda Ruslan Mingazow üç gezek (35, 51 we 82-nji minutlarda) tapawutlandy.

Yzda galan üç tapgyrda 6 utuk toplan «Kitçi» ýaryş tertibiniň başyny çekýär. «Sautern Distriktde» hem 6 utuk bar, ýöne toparlaryň özara duşuşyklarynyň netijesinde «Kitçi» öňde barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň