Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet sapary tamamlandy

22:0015.10.2022
0
25866
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet sapary tamamlandy
Surat: akorda.kz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary tamamlandy. Şu gün Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy Astana şäherindäki Halkara howa menzilinden ugratdy. Bu barada «Kazinform» habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana düýn GDA-nyň agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa – Russiýa» sammitine gatnaşmak üçin bardy. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana amala aşyran ilkinji döwlet saparydyr.

Şu gün Gazagystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri «Akorda» köşgünde duşuşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň çäginde jemi 14 resminama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň