Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýokary tizlikli internetiň elýeterli bolmagy üçin giň gerimli çäreler geçirilýär

05:5711.05.2015
0
5279

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurdumyzyň ulanyjylaryna ýokary tizlikli internetiň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleri geçirýär. Internet ulgamyny has-da ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça ulag-aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenendir. Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi degişli ugurda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga şert döreder. Munuň özi internet akymynyň tizligini artdyrmaga, optiki-magistral ugurlary, şol sanda Ýewropa we Aziýa ýurtlary bilen ugurlary döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52°E ” aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen, hünärmenler tarapyndan meýilleşdirilen tertibe laýyklykda hemra ulgamlaryny synagdan geçirmek işleri dowam edýär. Maglumatlar we hemranyň ähli enjamlarynyň gözegçilik ölçegleri Dolandyryş merkezinde hasaba alynýar. Taýýarlanan tehniki işgärler hem-de operatorlar hemranyň hereketine we onuň ulgamlarynyň ýagdaýyna gije-gündiz gözegçilik edip, ýurdumyzyň çägindäki ýerüsti stansiýalardan älem orbital enjamynyň  ölçeglerine doly gözegçiligi hem-de dolandyrmagy üpjün edýärler

Telekommunikasiýalar ulgamynda ýokary tehnologik ulgamlarynyň bolmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz şerti bolup durýar. Häzirki wagtda internetiň we döwrebap tehnologiýalaryň her bir raýatymyza elýeterli bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýär, telekommunikasiýalaryň ösdürilmegine, geçirilýän işleriň  ýokary hilli bolmagyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň