Türkmenistandaky «Lion Wings» haryt nyşany dişler üçin döwrebap serişdeleri hödürleýär

09:5215.10.2022
0
13009

Agyz boşlugymyza, dişlerimize gündelik ideg etmegiň zerurlygy ikuçsuzdyr. Dükanlaryň tekjelerinde hödürlenilýän giň görnüşli harytlardan öý şertlerinde dişlerimiziň saglygyny üpjün etmek üçin nähili arassaçylyk serişdesini saýlap almaly?

Bu babatda Aziýada giň meşhurlyga eýe bolan «Lion Wings» haryt nyşanynyň Türkmenistandaky resmi dileri «akylly» diş pastalaryndan peýdalanmagy teklip edýär.

Türkmenistandaky «Lion Wings» haryt nyşanynyň wekiliniň belleýşi ýaly, harytlaryň köpdürli görnüşlerde ýetirilmegi müşderilere özlerine laýyk gerek bolan diş serişdesini saýlap almaga ýardam edýär. Mysal üçin dükandaky diş pastalaryndan alyjy agyz boşlugynyň islendik anyk meselesine, ýagny dişleriň çüýremegi, diş örtüginiň remineralizasiýasy we beýleki ýagdaýlara zerur bolan pastalary saýlap bilýär.

Eger siz her gün ir bilen çaý ýa-da kofe içgilerini hökman içýän bolsaňyz, onda haryt nyşanynyň «Zact» görnüşli önüminiň ýörite formulasy bu ýagdaýdan ýaramaz täsirleriň döremeginiň öňüni alýar. «Zact» dişleri aklamak bilen, dişiň çüýremegini bes edýär, garalmagyna garşy göreşýär hem-de onuň düýplerinde döräp biljek daşlaryň öňüni alýar.

«Systema» görnüşli pasta bolsa iki görnüşde hödürlenilýär: Menthol breeze (Narpyzly briz) hem-de Spring Fresh (Bahar terligi). Bu pastanyň düzümine girýän işjeň komponentler bakteriaýalardan goraýar we çüýremäniň irki alamatlaryny bes edýär. Şunuň bilen birlikde, «Systema» dişlere zyýan ýetirmeýän ýumşak hem-de gaty süýümli diş çotgalaryny-da hödürleýär.

«Ciptadent» görnüşli pasta tapgyry bolsa bütin maşgala üçin saýlap almaga ajaýyp çözgütdir. IPMP işjeň antibakterial komponentleri agyz boşlugyny arassalaýar we ýaramaz täsirli bakteriýalary ýok edýär.

Bulardan başga-da, «Lion Wings» ýapon-indoneziýa haryt nyşanly önümleri alyjylar üçin «Fresh & White» görnüşli 5 dürli diş pastalaryny ýetirýär. Şeker kislotasyndan goramak, duýgurlygy peseltmek, daşlaryň döremeginiň we çüýremegiň öňüni almak «Fresh & White» görnüşli önümleriň ýetirýän oňyn täsiriniň ählisi däldir.

«Lion Wings» haryt nyşanynyň Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesindäki «Peýkam» binasynda ýerleşýän dükanynda Aziýanyň bu brend önümleriniň başga-da düri görnüşli serişdeleri alyjylara ýetirilýär. Olardan şampunlary, duş üçin gelleri, dezodorantlary, kir ýuwujy serişdeleri, arassalaýjy serişdeleri we beýlekileri belläp geçmek bolar.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 65) 53 86 44; (+993 62) 32 44 33;
  • Sosial media ulgamyndaky hasaby;
  • Elektron poçtasynyň salgysy: ingcotools.tm@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň