TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi

23:4914.10.2022
0
17697

Çempionlyk ugrunda «Ahal» bilen çynlakaý ýaryş alyp barýan «Altyn asyr» çempionatyň ikinji aýlawyny hem ikinji orunda tamamlady. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 14-nji tapgyrda «Nebitçini» kabul edip, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Duşuşykda Arslan Saparowyň karýerasyndaky ilkinji het-trigini amala aşyrandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol 8-nji, 18-nji we 41-nji minutlarda tapawutlandy. «Altyn asyryň» dördünji pökgüsini 48-nji minutda Rahman Myratberdiýew geçirdi. «Nebitçi» bu gollara diňe bir gezek ― 90+2-nji minutda Sapa Arazgylyjow bilen jogap berip bildi.

Bu ýeňişden soň «Altyn asyr» çempionatda 30 utuklyk sepgide ýeten ikinji topar boldy. Häzir «aragatnaşykçylarda» 31 utuk bar. Olar oýun artykmaçlygy bilen «Ahala» 4 utuga çenli ýakynlaşdylar. «Nebitçiniň» gazanan utuklary bolsa oýnan oýunlarynyň deň ýaryna deň. Topar 14 duşuşykda 7 utuk gazanyp, sekizinji orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň